Sepleriň elýeterliligi

Litwinenkonyň ölümi 'makullandy' diýilýär


Aleksandr Litwinenko, London, 20-nji noýabr, 2006

Aleksandr Litwinenko, London, 20-nji noýabr, 2006

Britaniýanyň derňewi 2006-njy ýylda zäherlenip öldürilen Orsýetiň öňki howpsuzlyk agenti Aleksandr Litwinenkonyň ölüminde Orsýetiň hökümetiniň eli bar we prezident Wladimir Putiniň ony öldürmegi “makullan bolmagy mümkin” diýen netijä geldi.

21-nji ýanwarda çap edilen netijelere görä, munuň Orsýetiň raýatlary Dmitriý Kowtun we Andreý Lugowoý tarapyndan Orsýetiň Federal howpsuzlyk gullugynyň (FSB) görkezmesi esasynda amala aşyrylan bolmagynyň “uly ähtimallygynyň” bardygy aýdyldy.

Litwinenkonyň aýaly Marinanyň [derňewiň netijeleriniň çap edilmeginiň] yzysüre žurnalistlere aýtmagyna görä, ol hasabatdan kanagatlanma bildirdi: “Elbetde, men adamymyň ölüm halynda ýatyrka, öz ölüminde jenap Putini aýyplap aýdan sözleriniň Angliýanyň sudy tarapyndan garaşsyzlygyň we açyklygyň ýokary standartlaryna laýyklykda tassyklanmagyna örän begenýärin”.

Litwinenkonyň aýaly Britaniýanyň hökümetini “agzalan şahslar, şol sanda jenap Putin babatynda” ykdysady sanksiýalary we [Angliýa] syýahat etmek gadagançylygyny” girizmäge çagyrdy: "Şeýle-de men agzalan şahslara, şol sanda jenap Patruşewe we Putine garşy nyşanlaýyn ykdysady saknksiýalary we syýahatçylyk gadagançylygyny girizmäge çagyrýaryn”.

Orsýet resmileriniň reaksiýasy

Orsýetiň habar agentlikleri KGB-niň öňki işgäri we häzir Döwlet Dumasynyň agzasy Lugowoýyň aýdanlaryny sitirläp, onuň özüne garşy öňe sürlen aýyplamalary “esassyz” we “manysyz” diýip atlandyrandygyny habar berdiler.

Britan sudýasy Robert Owen hasabatyň FSB-niň ýolbaşçysy Nikolaý Patruşewiň-de Litwinenkony öldürmäge görkezme berendigini “ähtimal tassyklaýandygyny” aýtdy.

“Men jenap Lugowoýyň we jenap Kowtunyň jenap Litwinenkony zäherlänlerinde, başgalaryň görkezmesi esasynda hereket edendiklerine ynanýaryn” diýip, Owen hasabatynda aýtdy. Şeýle-de Owen “FSB-niň jenap Litwinenkony öldürmek boýunça hereketleriniň jenap Patruşew we şeýle-de prezident Putin tarapyndan makullanan bolmagy ähtimal” diýip belledi.

Moskwa Litwinenkonyň ölümine öz gatnaşygy baradaky mundan ozalky aýyplamalary ret edipdi we resmi derňewlerden, olar syýasy matlaply diýip, ýüz öwrüpdi.

Orsýetiň kanun goraýjy edarasyndan ady agzalmadyk bir çeşmäniň Interfaks agentligine aýtmagyna görä, Orsýet Lugowoýy we Kowtuny Britaniýanyň kanun goraýjy edarasyna tabşyrmaz. Interfaks agzalan çeşmäniň Oweniň hasabaty syýasy matlaply diýen sözlerini getirýär.

Putini “gyzyklandyrýan mesele däl"

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow 20-nji ýanwarda derňewiň Putini “gyzyklandyrýan meseleleriň arasynda” däldigini aýtdy.

“Guardian” neşiriniň 21-nji ýanwarda habar bermegine görä, britan diplomatlary premýer-ministr Dawid Kamerony Orsýete garşy sanksiýalary güýçlendirmezlige we eýýäm erbet täsir astyndaky gatnaşyklary mundan beýläk ýaramazlaşdyrmazlyga çagyrypdyrlar.

Litwinenko Britaniýa gidip, Putini açyk tankyt edip başlamagyndan öň Orsýetiň Federal howpsuzlyk agentliginde işleýärdi.

Brtaniýanyň derňewçileri 44 ýaşly Litwinenkonyň Londonyň gymmatbaha myhmanhanasynda Kowtundyr Lugowoý bilen çaý içen wagty 210 plutoniý radioaktiw serişdesi bilen zäherlenendigini anyklady. Şondan üç hepde soň, ýagny 2006-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Putiniň belli tankytçylaryndan biri bolan Litwinenko Londonyň keselhanasynda ýogaldy.

XS
SM
MD
LG