Sepleriň elýeterliligi

Owgan ýaşaýjylary TOPH-a şübhe bildirýärler


Hindistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň prezidentleri.

Hindistanyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň prezidentleri.

Gündogar Owganystanyň Greşk etrabynyň ýaşaýjylary etrapdaky durnuksyzlyklar TOPH, ýagny Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz proýektiniň amala aşmagyna päsgelçilik döredip biler diýýärler. Bu barada owgan telekanalynda habar berilýär.

Owganystanyň “Tolo” telekanalynyň 17-nji ýanwarda beren maglumatyna görä, ýurduň Helmand welaýatynyň Greşk etrabynyň ýaşaýjylary etrapda howpsuzlyk şertleriniň barha ýaramazlaşmagy welaýatda TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygynyň amala aşmagyna esasy päsgelçilik bolup biler diýen pikirde.

Emma şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji ýanwardaky maslahatynda TOPH gazgeçirijisiniň Türkmenistandan geçjek böleklerinde arassalamak işleriniň amala aşyrylýandygy habar berildi.

"Greşkde howpsuzlyk barha ýaramazlaşýar"

Gepiň gerdişine görä bellesek, türkmen gazyny günorta Aziýa sebitine akdyrmagy göz öňünde tutýan 1800 kilometrlik proýekte geçen ýylyň 13-nji dekabrynda Maryda badalga berildi. Bu gazgeçirijiniň 700 km-e golaýy Owganystandan, şol sanda ýurduň howpsuzlyk ýagdaýlary dartgynly bolup galýan sebitlerinden geçmeli.

Şol sebitleriň hatarynda Helmand welaýatynyň Greşk etraby hem bar we bu ýerde hökümete garşy çykyş edýän ýaragly toparlaryň birnäçesiniň hereket edýändigi we olaryň eýýäm etrabyň ençeme territoriýasyny öz kontrollygyna geçirendigi habar berilýär.

Helmand welaýat Geňeşiniň başlygy Karim Atal hem, Greşk etrabynda ýowuzlyklaryň barha artmagyndan alada bildirip, hökümet güýçleriniň etrabyň ençeme territoriýasyndaky kontrollygyny ýitirýändigini aýtdy.

“Eger Greşkdäki ýagdaýlar häzirki bolşy ýaly saklanyp galsa, çaknyşyklar dowam etse we biziň [hökümet] güýçlerimiz bu ýerlerdäki kontrollygyny ýitirse, Greşkde TOPH proýektiniň gurluşygyny amala aşyrmak düýbünden mümkin bolmaz. Şeýle-de, hökümetiň ýaragly garşydaşlary bu sebitde ösüş proýektleriniň amala aşmagyny asla islemeýärler” diýip, Karim Atal “Tolo” telekanalyna beren maglumatynda belledi.

Arassalamak işleri

Şol bir wagtda, 15-nji ýanwarda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky nebit-gaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew TOPH taslamasyny amala aşyrmagyň birinji tapgyrynyň çäklerinde gazgeçirijiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi bilen bagly meseleleriň çözülýändigini aýtdy.

Türkmen mediasynda berlen maglumatda gazgeçirijiniň gurulýan ýerine ýöriteleşdirilen ulaglaryň, enjamlaryň we turbalaryň alnyp barylýandygy habar berlip, “gazgeçirijiniň Türkmenistanyň çäginden geçjek ýerlerinde arassalamak işleriniň amala aşyrylýandygy” mälim edildi.

Prezident G.Berdimuhamedow her ýyl 33 milliard kubometr gaz akdyrmak göz öňünde tutulýan TOPH gazgeçirijisiniň Türkmenistandaky böleginiň gurluşyk işlerine badalga berlen güni proýektiň 2019-njy ýylyň aýagyna çenli doly gurlup, ulanyşa beriljekdigini aýdypdy.

Emma muňa garamazdan, Owganystanyň käbir ýokary derejeli resmileri, şeýle-de ýerli ýaşaýjylar umumy bahasy 10 milliard dollar töweregi diýlip çaklanylýan bu gazgeçirijiniň Owganystandan geçjek ugrunda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazdygyny aýdyp, onuň amala aşjakdygyna şübhe bilen garaýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG