Sepleriň elýeterliligi

Norwegiýa migrantlary Russiýa deport edýär


Migrantlar we bosgunlar.

Migrantlar we bosgunlar.

Ýene 5500 migrantyň Russiýa deportasiýa edilmegine garaşylýar. Olaryň aglaba köpüsi Norwegiýa Russiýanyň arktika serhedinden welosipedli, ýagny tigirli aşanlardyr.

Norwegiýa täze düzgünlere laýyklykda 13 migranty awtobus bilen Orsýete deport etdi. Habar berlişine görä, bu ýagdaý müňlerçe migranty öz içine aljak deportasiýalaryň başlangyjydyr.

Norwegiýa noýabr aýynda beren beýannamasynda, migrantlaryň "howpsuz" hasaplanýan ýurtlara deportasiýa edilmäge başlanjakdygyny aýan edipdi. Şeýlelikde ilkinji deport awtobusy Kirkenesdäki bosgunlar lagerinden ýola salyndy.

Norwegiýanyň serhedinde taşlanyp gidilen tigirler.

Norwegiýanyň serhedinde taşlanyp gidilen tigirler.

Norwegiýa ilki migrantlary yzyna welosipedli ibermegi planlaşdyrypdyr. Çünki Russiýanyň serhet düzgünleri adamlaryň serhetden awtoulagly geçmegine rugsat bermeýär. Şol bir wagtyň özünde hem bu agzalýan düzgünler adamlaryň serhetden pyýada geçmegini hem gadagan edýär.

Geçen ýyl müňlerçe migrant Norwegiýanyň kanunlarynda göz öňünde tutulmaýan käbir ýagdaýlardan peýdalanyp, ol ýurda tigirli barypdyrlar.

Bosgunlaryň köpçüligi - siriýalylar

Migrantlaryň aglabasynyň siriýaly bosgunlardygy habar berilýär.

Moskwa pasportlarynda Orsýetiň wizasy bolanlaryň yzlaryna awtobusly gaýdyp gelmegine rugsat berdi.

Norwegiýanyň telekanalynyň beren maglumatyna görä, 13 migranty äkiden awtobus Orsýetiň serhedinden geçenden soň gönümel Murmansk aeroportuna gönükdirilipdir.

Norwegiýanyň Migrasiýa polisiýasynyň maglumatyna görä, deportasiýa edilenleriň ählisiniň pasportlarynda Russiýanyň wizasy bar ekeni. Polisiýanyň beýannamasynda Norwegiýanyň deportasiýany dowam etdirjekdigi we bosgunlaryň ondan soňky ykbalynyň bolsa Russiýanyň problemasydygy nygtalýar.

Geçen hepdäniň ahyrynda Norwegiýanyň tapawutly ýerlerindäki bosgunlar lagerlerinden 70-e golaý migrant deportasiýa edilmek üçin Kirkenesiň merkezine getirildi. Ol merkez Russiýanyň serhedinden 8 km uzaklykda ýerleşýär.

Bosgunlar açlyk protestini geçirýärler

Norwegiýanyň metbugatynyň habarlaryna görä, deport edilmekden howatyrlanýan 40-a golaý migrant Wadsodaky bosgunlar düşelgesinden gaçypdyrlar. Käbir habarlarda aýdylyşyna görä bolsa, Kirkenesde deporta garşy çykan migrantlaryň bir topary açlyk protestine başlapdyrlar.

Oslonyň bildirmegine görä, 2015-nji ýylyň ikinji ýarymynda 5500 adam Kirkenes sebitinde serhetden geçip, Norwegiýadan gaçybatalga sorapdyr. Olaryň ählisiniň pasportlarynda Orsýetde hemişelik ýaşamaga ýa-da belli bir möhletiň dowamynda galmaga idin berýän orsýet wizalary bar ekeni.

Adam hukuklaryny goraýan guramalar bolsa Norwegiýanyň bosgunlary zor bilen deport etmegini berk tankytlaýarlar. Olaryň nygtamagyna görä, Russiýa deportasiýa üçin "howpsuz ýurt" hasaplanyp bilmez.

Norwegiýa, Ýewropa Bileleşigine agza bolmasa-da, Şengen wiza ylalaşygyna girýän ýurtlaryň biridir.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG