Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gresiýa: Migrantly iki gämi gark boldy


Türkiýeli serhetçiler suwa gark bolan migrantlaryň jesetlerini surata düşürýärler, 5-nji ýanwar, 2016
Türkiýeli serhetçiler suwa gark bolan migrantlaryň jesetlerini surata düşürýärler, 5-nji ýanwar, 2016

Gresiýanyň kenarynyň golaýynda gark bolan gämilerde azyndan 21 migrant heläk boldy.

Gresiýanyň kenarýaka serhetçileriniň 22-nji ýanwarda aýtmaklaryna görä, 48 adamy alyp barýan gämi irden Farmakonissi adasynyň golaýynda gark bolupdyr. 40 ýolagça kenara ýetmek miýesser edipdir. Serhetçiler bir gyzy halas edipdir we ýedi adamyň jesedini tapypdyr.

Şol günüň özünde Kalolimnos adasynyň golaýynda ýolagçylaryň sany anyk bolmadyk ýene bir gämi gark bolupdyr. Häkimiýetler 26 adamy halas edipdir we 14 adamyň jesedini tapypdyr.

Müňlerçe bosgun we migrant, köpüsi uruşy başdan geçirýän Siriýadan Ýewropa Bileleşiginde baş pena almak arzuwy bilen soňky aýlarda Türkiýeden Gresiýa aşmak üçin howply deňiz syýahatyna baş goşdular.

XS
SM
MD
LG