Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Moskwa Aşgabady 'strategik partnýor' hasap edýär


Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa

Moskwa Türkmenistana strategik partnýor hökmünde garaýar, diýip Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa 21-nji ýanwarda aýtdy.

“Orsýetde Aşgabat bilen dürli ugurlardaky aragatnaşyga ýokary baha berýärler we dostlukly bitarap Türkmenistana strategik partnýor hökmünde seredýärler”, diýip habar agentlikleri Zaharowanyň sözüni sitirledi.

Munuň öňüsyrasynda Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň 27-28-nji ýanwarda Türkmenistanda sapar etjekdigini habar berildi.

Zaharowa “saparyň biziň strategik partnýorlygymyzyň mundan beýläk-de pugtalanmagyna hyzmat etjeginden ugur alýarys” diýdi.

Habar berilişine görä, Sergeý Lawrowyň Aşgabatda geçirjek gepleşiklerinde ikitaraplaýyn we halkara meselelerini we Owganystandaky ýagdaýy ara alyp maslahat eder.

Orsýetiň daşary işler ministriniň Türkmenistana sapary barada yglan edilmegi “Türkmengaz” döwlet kompaniýasynyň Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almak baradaky şertnamany ýatyrandygy barada beýan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG