Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: Prezident dinastiýasy makullandy


Täjigistanyň parlamenti, Duşenbe, 20-nji ýanwar, 2016
Täjigistanyň parlamenti, Duşenbe, 20-nji ýanwar, 2016

Täjigistanyň kanun çykaryjylary prezident Emomali Rahmona prezident dinastiýasyny döretmäge ygtyýar bermek barada ýurduň konstitusiýasyna goşmaçalary makulladylar.

22-nji ýanwarda kabul edilen goşmaçalara laýyklykda, 1992-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan öňki kolhoz başlygy 63 ýaşly Rahmon döwlet başyna çäksiz gezek saýlanmaga ukyply bolar.

Şeýle-de goşmaçalarda prezident bolmak üçin dalaşgäriň ýaşyna degişli edilýän talabyň 35 ýaşdan 30 çenli azaldylmagy göz öňünde tutulýar. Bu bolsa, Rahmonyň uly ogly Rustamyň 2020-nji ýylyň prezidentlik saýlawlaryna gatnaşmagyna ýol açýar.

Konstitusiýa üýtgetmeler Konstitusion sud tarapyndan tassyklanyp, milli referendum arkaly makullanandan soň güýje girer.

XS
SM
MD
LG