Sepleriň elýeterliligi

Çeçenistanda Kadyrow goldanyldy


Groznyda müňlerçe adam Kadyrowy goldady.

Groznyda müňlerçe adam Kadyrowy goldady.

Çeçenistanyň paýtagty Groznyda köp adamly demonstrasiýa toplanan adamlar Demirgazyk Kawkaz respublikasynyň Kreml tarapyndan goldanylýan lideri Ramzan Kadyrowa goldaw bildirdiler.

Çeçenistanyň Içeri işler ministrligi 22-nji ýanwarda bir million çemesi adamyň demonstrasiýa çykandygyny aýtdy.

Ýygnananlaryň bir topary Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň we Kadyrowyň syýasatlaryny mahabatlandyrýan plakatlary galdyrdy.

Çeçen parlamentiniň spikeri Magomed Daudov ýygnanyşykda çykyş edip, şeýle diýdi:

"Bikanun gazanan baýlyklary, döwlet bähbitlerine eden açyk haýynlyklary bilen tanalan, töleg tölenen gurjaklar peýda boldy, olar şular: [Aleksei] Nawalny, [Mihail] Hodorkovsky, [Aleksei] Wenediktow, [Igor] Kalyapin, [Lew] Ponomaryow, [Ilya] Yaşin, [Garry] Kasparow, [Viktor] Shenderowiç, [Mihail] Kasyanow, [Swetlana] Gannuşkina, [Aleksei] Şaburow, bu toparyň galanlary milli dönüklerdir" diýip, ol aýtdy.

Hepdäniň başynda döwlet pudagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleriniň hökümet tarapyndan ýygnanyşyga gatnaşmaga borçly edilýändigi barada habarlar çykdy.

Demonstrasiýa toplananlar «Ramzan, Ramzan» diýip gygyryşdylar.

Demonstrasiýa çykanlaryň ýene bir topary bolsa oppozisiýa aktiwistleriniň we Putiniň tankytçylarynyň atlary ýazylan we olary «dönükler», «bäşinji kolonna» we «Orsýetiň utanjy» diýip atlandyrýan plakatlary galdyrdy.

Bu demonstrasiýa Kadyrow oppozisiýa aktiwistlerini we syýasatçylaryny «halk duşmanlary» diýip atlandyranyndan 10 gün soň geçirilýär. Şonda Kadyrow oppozisiýa aktiwistlerini we syýasatçylaryny «sud edip, türmä basmaly» diýipdi.

Groznyda Kadyrowyň goldawyna gurnalan ýygnanyşykda çykyş eden, ady aýdylmadyk bir adam bolsa şeýle diýdi:

"Olar (günbatarlylar) bizi bilim berilmedik adamlar hökmünde häsiýetlendirýärler, emma siz ilkinji mobil telefonyň Orsýetde oýlanyp tapylandygyny bilmelisiňiz. 1968-nji ýylda [öňki sowet lideri Leonid] Brežnewiň «Wolgasynda» bir mobil telefon bardy. Emma olar ony hiç wagt resmileşdirmediler, ýagny patent almadylar. Eger şonda biz patent alan bolsadyk, onda bize nebit we gaz gerek bolmazdy. Biz şonuň hasabyna ýaşardyk” diýip, ady aýdylmadyk demonstrasiýaçy aýtdy.

Şeýle-de ol internetiň ilki Orsýetde dörändigini, ýagny «beýik KGB-niň ofisinde peýda bolandygyny, telewizoryň hem Orsýetde oýlanyp tapylandygyny aýtdy:

«Olar (günbatarlylar) bizi Ýer togalagyndaky iň däli adam hökmünde häsiýetlendirýärler, emma eziz dostlar, biziň kuwwatymyz bar! Biz güýçli! Biz ýeňeris!" - diýip, Çeçenistanyň Kreml tarapyndan goldanylýan lideri Ramzan Kadyrowyň goldawyna geçirilen ýygnanyşykda çykyş eden adam aýtdy.

Orsýetiň oppozisiýa toparlary, Amnesty International, Žurnalistleri goramak baradaky komitet Kremliň Kadyrowyň beýantalary boýunça «degişli» çäre görmegini talap etdiler.

Kadyrow adam hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmalarynda we hem Orsýetiň içinde, hem daşynda öz syýasy garşydaşlarynyň kast edilip öldürilmegine ýolbaşçylyk etmekde giňden aýyplanýar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG