Sepleriň elýeterliligi

Harpy ýalňyş ýazan musulman okuwçyny polisiýa tutdy


Kompýutere seredip oturan oglanjyk.

Kompýutere seredip oturan oglanjyk.

Okuwçynyň ene-atasy mekdebiň we polisiýanyň ötünç soramagyny talap edýär.

"Guardian" gazetiniň ýazmagyna görä, Angliýada bir harpy nädogry ýazyp, ýönekeýje bir ýalňyş goýberen 10 ýaşyndaky bir musulman mekdep okuwçysy terrorçylar bilen arabaglanyşyk saklamakda güman edilip, polisiýa tarapyndan soraga çekildi.

Okuwçy iňlis dili sapagynda ýaşaýan jaýynyň adyny ýazanda, "Terraced house" (utgaşyk öýler) diýip ýazmagyň deregine, bilmezden, "terrorist house", ýagny "terrorçy öý" diýen jaýda ýaşaýandygyny ýazypdyr.

Ýöne hiç kim ol musulman okuwçy çaganyň harp ýalňyşyny goýberendigine düşünmändir. Ol çaganyň maşgalasy 2015-nji ýylda ýurda kabul edilen ekeni. Onsoň terrorçylyga garşy howpsuzlyk düzgüniniň talaplaryna laýyklykda, ol okuwçyny polisiýa tabşyrmaly bolupdyrlar. Ol şertnamada aýdylmagyna görä, mugallymlar okuw jaýynda terrorçylyk bilen ilteşikli hereket edýändigi güman edilýän adamlar hakda derrew degişli howpsuzlyk guramasyna habar bermeli edilen.

“Çaga öz adyny ýazmakdan hem gorkýar”

Geçen ýylyň 7-nji dekabrda polisiýa diňe bir ol okuwçy oglanjygy soraga çekmek bilen çäklenmän, onuň öýdäki noutbugyny, ýagny göterme kompýuterini hem açyp barlap görüpdir.

BBC-niň beren habaryna görä, okuwçy çaganyň maşgalasy bu bolan waka sebäpli mekdebiň we polisiýany ötünç soramagyny talap edýär.

Okuwçy çaganyň bir hossarynyň aýtmagyna görä, onuň maşgala agzalary ilkibaşda özleri bilen oýun edýändirler öýdüpdirler. Ýöne bolan waka okuwçy çaganyň ruhy saglygyna zeper ýetiripdir.

Howpsuzlyk düzgünleri

Çaganyň hossary BBC-e beren interwýusynda şeýle diýýär: "Şeýle ýagdaýa 30 ýaşyndaky bir adam duçar bolanda, muňa düşünse bolar. Ýöne çaganyň beýle zada uçradylmagyna düşünmek mümkin däl. Mugallymy biynjalyk eden ýeke-täk ýagdaý bar, ýagny ol hem çagajygyň harpy nädogry ýazmagydyr".

Okuwçynyň şol hossarynyň bellemegine görä, çagajyk indi eline galam alyp, öz adyny ýazmakdan hem gorkýar.

Terrorçylyga garşy howpsuzlyk düzgünlerini tankyt edýänleriň aýtmagyna görä, şeýle görkezme mugallymlary öz aňy bilen hereket etdirmän, gaýta haýsam bolsa bir gümürtik meselä çakdanaşa reaksiýa bildirmäge iterýär. Kanuny bozmakdan gorkýandyklary üçinem, olar şeýle säwlikleri goýberýärler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG