Sepleriň elýeterliligi

Kadyrowy "terbiýelemäge" çagyrýarlar


Çeçen lideri Ramzan Kadyrow.

Çeçen lideri Ramzan Kadyrow.

Adam hukuklaryny goramak boýunça Halkara guramalar ors prezidenti Wladimir Putin bilen onuň hökümetini Ramzan Kadyrowyň we onuň ýakyn töweregindäki adamlaryň žurnalistlere, aktiwistlere garşy gönükdirýän "haýbatly" hem "gorkuzyjy" äheňdäki beýanatlaryna reaksiýa görkezmäge çagyrdylar.

Amnesty International guramasy bilen "Žurnalistleri goraýan komitet" Kadyrowyň we ýokary derejeli çeçen resmileriniň soňky wagtlarda tanymal žurnalistleri, Kremliň tankytçylaryny garalap edýän çykyşlarynyň, sosial mediada ýaýradýan gürrüňleriniň özlerini aladalandyrýandygyny bildirdiler.

"Žurnalistleri goraýan komitetiň" ýerine ýetiriji direktory Joel Simon 21-nji ýanwarda Putine iberen we komitetiň internet sahypasynda ýerleşdirilen hatynda: "Biziň alyp baran barlaglarymyz hökümeti tankytlaýanlaryň garşysyna gönükdirilýän haýbatly ritorikanyň köplenç gazaply hereketlere getirýändigini, netijede žurnalistleriň öz-özlerini senzurlap başlaýandygyny görkezýär" diýip ýazýar.

“Şagallar”

Amnesty International guramasy hem ondan bir gün öň çykaran beýannamasynda ors häkimiýetlerini "Çeçenistanyň syýasy ýolbaşçylary tarapyndan adam hukuklaryny goraýjylaryň, media işgärleriniň we syýasy aktiwistleriň garşysyna gönükdirilýän haýbatlaryna gaýtawul bermäge" çagyrdy.

Kadyrow bilen onuň ýaranlary geçen on günlükde liberal şahsyýetleriň, aktiwistleriň, žurnalistleriň garşysyna duşmançylykly beýanatlar bilen çykyş etdiler. Bu beýanatlarda beýlekiler bilen birlikde garaşsyz pikirli "Eho Moskwy" radiostansiýanyň baş redaktory Alekseý Weneditkow, adam hukuklarynyň weteran goraýjysy Lew Ponomarýow, şeýle hem oppozision aktiwist Ilýa Ýaşin nyşana alynýar.

Kadyrow, 2007-nji ýylda Putin tarapyndan häkimiýet eline berleli bäri, ilatynyň aglaba köplügi musulman bolan Çeçenistany yzgytsyzlyk bilen dolandyrýar.

Ol 15-nji ýanwarda Putiniň garşydaşlaryny kanun esasynda yzarlanmaly "halk duşmanlary" diýip atlandyrdy. Ondan birnäçe gün soňra Orsýetiň uly gazetleriniň birinde çap edilen makalasynda hem olary "şagallar" diýip atlandyryp, Orsýeti "halas etmek" üçin olar jezalandyrylmaly diýip ýazdy.

Özlerina abanýan howp

Geçen on günlükde Kadyrowyň ülpetleri sosial mediada birnäçe wideo we suratlar ýerleşdirdiler. Kremliň tankytçylary bulary özlerine abanýan howp diýip hasaplaýarlar.

Bu wideolaryň arasynda Kadyrowa ýakyn durýan çeçenistanly ors parlamentiniň agzasy Adam Delimhanowyň bir wideosy bar. Bu wideoda ol ýene birnäçe adam bilen birlikde oppozision lider Boris Nemtsowyň fewralda öldürilen köprüsiniň golaýynda durup, "Kadyrow - Orsýetiň [berk] gaýasy, Allahy ekber" diýip gygyryşýarlar.

Tankytçylaryň aglabasy Kadyrowy Nemtsowyň öldürilmeginde eli bar diýip güman edýärler.

"Žurnalistleri goraýan komitet" bilen Amnesty International guramasy Putiniň tankytçysy bolan Anna Politkowskaýanyň 2006-njy ýylda, şeýle hem 2009-njy ýylda çeçenistanly adam hukuklary boýunça aktiwist Natalýa Estemirowanyň öldürilmeginiň şular ýaly haýbatlardan soňra bolandygyny belleýärler.

Amnesty International ors häkimiýetlerini adam hukuklaryny goramakdaky işlerinde howp astyna düşýänleri, hüjüme uçraýanlary, ýanalýanlary "tutanýerli" goramaga çagyrdy.

Putiniň entek Kadyrowdyr onuň ýaranlarynyň dyzmaç ritorikasyna degişli hiç bir eden beýanaty ýok.

Ýöne 20-nji ýanwarda onuň sözçüsi Dmitriý Peskow Kadyrow "Izwestiýa" gazetinde çap edilen makalasynda "kanuny syýasy sahnadan daşardaky sistemasyz" oppozision şahsyýetleriň gürrüňini edýär diýdi.

"Interfaks" habar gullugy bolsa "aýdylýan zatlary sowukganlylyk bilen okamak gerek" diýip, Peskowy sitirleýär.

XS
SM
MD
LG