Sepleriň elýeterliligi

Eýran ylalaşygynyň ýeňijisi Türkmenistanmy?


 Eýran bilen 5+1döwletleriniň wekilleriniň arasynda Tähranyň ýadro programmasy boýunça alnyp barlan gepleşikler şowly tamamlandy.

Eýran bilen 5+1döwletleriniň wekilleriniň arasynda Tähranyň ýadro programmasy boýunça alnyp barlan gepleşikler şowly tamamlandy.

Uzak wagtlap dowam eden gepleşiklerden soň, Eýran bilen 5+1, ýagny ABŞ-nyň, Orsýetiň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň wekilleriniň arasynda Tähranyň ýadro programmasy boýunça alnyp barylýan gepleşikler şowly tamamlandy diýilip, 17-nji ýanwarda yglan edildi.

Bu diýmek Eýrana garşy girizilen sanksiýalar ýatyrylar we Tähran uzak wagtlap dowam eden üzňelikden halas bolar. Bu ýagdaý bolsa öz gezeginde Merkezi Aziýa, esasanam Türkmenistan üçin daşary ýurtlar bilen söwda aragatnaşygyny ýola goýmaga hemem energiýa eksportyny köp ugurly etmäge täze mümkinçilikler döredýär.

Emma şol bir wagtyň özünde-de, Eýranyň jedelli daşary sýyasaty, şeýle-de Tähranyň öz ýakyn hyzmatdaşlarynyň içerki işlerine aralaşmak ýaly endigi, onuň bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýýan ýurtlar üçin käbir hupbatlary hem döredýär.

Mejlisiň nobatdaky sanynda, Eýran ylalaşygynyň Merkezi Aziýa getirjek bähbitleri hemem onuň halkara derejedäki jedelli pozisiýasyalary sebäpli, Tähran bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň regiona ýetirip biljek täsirleri barada gürrüň edilýär.

Mejlisiň myhmanlary:

Husein Arýan: - Londonda ýaşaýan garaşsyz, eýranly ekspert we žurnalist;

Dr. Luca Anceschi: - Glasgow Uniwersitetiniň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy;

Bruce Pannier: - Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça habarlar çap edýän blogy "Qishloq Ovoziniň" redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG