Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Karter: Käbirleri iş etmeýär


 Aşton Karter
Aşton Karter

ABŞ-nyň goranmak sekretary Aşton Karter ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň hatarynda Siriýadaky we Yrakdaky «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine garşy söweşýän agzalaryň birnäçesi ekstremist topary ýeňmek üçin düýpden hiç zat etmeýär diýdi.

"Olaryň köpüsi ýeterlik iş etmeýär ýa-da düýpden hiç zat etmeýär" diýip, Karter 22-nji ýanwarda Dawosda geçýän Ykdysady forumyň gapdalyndan CNBC bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Karter hiç bir anyk döwletiň adyny tutmady, ýöne ol Bloomberg TV bilen bolan başga bir söhbetdeşlikde «bize beýlekileriň hem öz ýüküni çekmegi gerek, ol ýerde mugt gatnaýanlar bolmaly däl» diýdi.

Karter anna güni Dawosda Yragyň premýer-ministri Haider al-Abadi bilen duşuşyp, Birleşen Ştatlaryň YD-a garşy söweşi güýçlendirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG