Sepleriň elýeterliligi

Kabul: TW hüjümi üçin 8 adam tutuldy


Tolo TW: Polisiýa gözegçilikde dur.

Tolo TW: Polisiýa gözegçilikde dur.

Owgan häkimiýetleri ýurduň iň uly TW stansiýasynyň işgärlerine garşy guralan hüjüm bilen baglylykda «Hakkani» jeňçi toparynyň 8 agzasyny tussag edendigini aýdýar.

Milli howpsuzlyk müdirligi, Owganystanyň aňtaw gullugy 22-nji ýanwarda beýanat çap edip, Kabulda 7 žurnalistiň ölümine, 26 adamyň ýaralanmagyna getiren hüjümiň arkasynda duran 8 adamyň tutulandygyny aýtdy.

Janyndan geçen bombaçy 20-nji ýanwarda Tolo TW-niň işgärlerini getirýän minibusa partlaýjyly maşynyny urdurypdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Talyban» öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG