Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: iki aktiwist türmä basyldy


Gazak sudy iki sany graždan aktiwistini «sosial ýigrenji öjükdirmekde» günäli tapyp, türme tussaglygyna höküm etdi.

Almaty sudy 22-nji ýanwarda Serikžan Mambetalin bilen Ermek Narymbaýewi degişlilikde iki we üç ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Ýyl kesilenleriň ikisi-de özleriniň bigünädigini, özlerine garşy bildirilen aýyplamalaryň syýasy matlaplydygyny aýtdy.

Aktiwistler oktýabr aýynyň ortasynda, derňewçiler olary feýsbukda «sosial ýigrenji öjükdirýän» material çap etmekde aýyplanlaryndan soň, tussag edildi.

Mambetalin we Narymbaýew feýsbukda ýerleşdirilen sitatalaryň internetde hemmelere elýeterli azat çeşmeden alnandygyny aýdýarlar.

Bu iki aktiwist gazak hökümetini tankytlamakda belli bolupdy. Narymbaýew 2010-njy ýylda prezident Nursoltan Nazarbaýewiň işden çekilmegine çagyrýan proteste gatnaşandan soň dört ýyl tussaglyga höküm edilipdi.

Ol 2012-nji ýylda, häkimiýetlere garşylyk görkezeni üçin 1.5 ýyl türmede oturanyndan soň, amnistiýa düşürildi.

XS
SM
MD
LG