Sepleriň elýeterliligi

«Ýablokanyň" talabyny ret edildi.


Kadyrowçy ýygnanyşyk, Groznyý, 22-nji ýanwar, 2016

Kadyrowçy ýygnanyşyk, Groznyý, 22-nji ýanwar, 2016

Moskwanyň şäher häkimiýetleri liberal «Ýabloka» partiýasynyň Çeçenistan respublikasynyň baştutany Ramzan Kadyrowyň işden aýrylmagyna çagyrýan demonstrasiýa geçirmek talabyny ret etdi.

Partiýa bu habary 22-nji ýanwarda, öz websaýtynda çap etdi. Indi «Ýabloka» köpçülikleýin demonstrasiýa derek, 26-njy ýanwarda, günortandan başlap, prezident adminstrasiýasynyň daş işiginde bir adamly, gezekli piketlere başlajakdygyny aýdýar.

"Biziň piketimiz Kadyrowyň ötünç soramagyny, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň bolsa Kadyrowy işden boşatmagyny talap eder» diýip, «Ýablokanyň» lideri Sergeý Mitrohiniň aýdan sözleri sitirlenýär.

XS
SM
MD
LG