Sepleriň elýeterliligi

Kerri Riýadda gepleşik geçirýär


John Kerri

John Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bu ýurduň Ýakyn Gündogardaky bäsdeşi Eýran bilen arasyndaky dartgynlyklary azaltmak maksady bilen Saud Arabystanyna bardy.

Kerriniň Aýlak hyzmatdaşlygynyň alty döwletiniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýle-de ol BMG-niň howandarlygynda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad bilen geçiriljek gepleşikleriň öňünden Siriýanyň oppozisiýa wekilleri bilen gepleşer.

Şu aralykda wise-prezident Jo Baýden Türkiýä bardy, ol bu ýerde Siriýadaky krizisi ara alyp maslahatlaşar.

XS
SM
MD
LG