Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri, Lawrow Siriýany maslahatlaşýar


Kerri bilen Lawrow 20-nji ýanwardaky duşuşykdan soň bilelikde bir beýanat çap etdi.
Kerri bilen Lawrow 20-nji ýanwardaky duşuşykdan soň bilelikde bir beýanat çap etdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri we Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow telefonda BMG-niň howandarlygynda geçiriljek Siriýa parahatçylyk gepleşikleri barada maslahat etdi.

Siriýanyň parahatçylyk gepleşikleri, eger oppozisiýanyň wekilçilikli delegasiýasy meselesi wagtynda çözülse, plan boýunça indiki hepde Ženewada açylmaly.

Jon Kerri 23-nji ýanwarda, Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetiniň oppozisiýa wekilleri bilen duşuşmak üçin Saud Arabystanyna bardy.

Gepleşiklerde böleklere bölünen Siriýa oppozisiýasyna anyk kimiň wekilçilik etjegi baradaky soragyň jogaby aňsat däl.

Kerri bilen Lawrow 20-nji ýanwardaky duşuşykdan soň bilelikde bir beýanat çap edip, «oppozisiýanyň hakyky wekiliçilikli delegasiýasyny düzmek zerurlygyna aýratyn üns berlendigini» aýtdylar.

Siriýanyň oppozisiýa toparlary geçen hepde teklip edilýän delegasiýany yglan etdiler, emma Moskwa bu delegasiýa Saud Arabystany tarapyndan goldanylýan yslamçy «Jaýiş al-Yslam» toparynyň ýolbaşçylyk etmeginden alada bildirdi.

Moskwa bu topary terrorçy gurama hasaplaýar.

Çetleşdirilen oppozisiýa toparlary, şol sanda kürt azlygy hem bu teklip edilýän delegasiýa garşy çykdy.

Şu aralykda, 23-nji ýanwarda ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden, beýleki meseleler bilen bir hatarda, Siriýadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak üçin, Türkiýä bardy.

Baýden Birleşen Ştatlar we Türkiýe, eger syýasy çözgüt «mümkin bolmasa», harby çözgüt üçin hem «taýýar boldy» diýdi.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmet Dawutoglu Baýden bilen guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, Ženewadaky gepleşiklere gatnaşmak meselesinde Siriýanyň «diňe kanuny» oppozisiýa toparlaryna rugsat berilmeli diýdi.

Ol aýratynam Kürt halk goraýyş birlikleriniň Ženewa gepleşiklerine gatnaşdyrylmagyny garşylyk bildirdi. Dawutoglu bu toparyň Kürdistan Işçiler partiýasynyň (PKK) bir bölegidigini aýtdy.

Ženewa gepleşikleri 25-nji ýanwara planlaşdyryldy. Emma diplomatlar, oppozisiýa delegasiýasy meselesi çözülmese, onuň gijigip biljegini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG