Sepleriň elýeterliligi

Nýu-Ýorky 'gar togtatdy'


 Washington, 23-nji ýanwar.

Washington, 23-nji ýanwar.

Agyr gelen gar tupany Birleşen Ştatlaryň Gündogar kenarynyň köp böleginiň hereketini togtadyp, Nýu-Ýork şäherine hem gelip urdy we hakykatda şäher hereketleriniň togtadylmagyna getirdi.

Nýu-Ýorkuň gubernatory Andrýu Kuomo 23-nji ýanwarda adatdan daşary ýagdaý yglan edip, Nýu-Ýorky bu çärä ýüz uran 11-nji ştata öwürdi.

Nýu-Ýorkda zerur bolmadyk hereketleriň ählisi gadagan edildi, transport hereketi togtadyldy, köprüler bolsa ýapyldy.

Gar tupany, köpüsi ýol hadysalary netijesinde, azyndan 18 adamyň ölümine sebäp boldy, käbir ştatlarda bolan kenarýaka suw joşmalary ýol hadysalaryna sebäp boldy.

Hepde ahyryndaky 7 müň çemesi uçar gatnawy goýbolsun edildi.

Waşingtona, Filadelfiýa, Nýu-Ýorka gelmeli uçarlaryň ýoly ýapyldy. Onlarça müň jaý tokdan kesildi.

Waşington resmileri ABŞ-nyň paýtagtynyň demirýol we awtobus gatnawyny hepde ahyrynda tutuşlygyna togtatdylar.

XS
SM
MD
LG