Siriýaly aktiwistler gündogar Siriýada rus uçarlary tarapyndan urlan diýip güman edilýän howa zarbalarynda azyndan 63 adamyň, şol sanda 9 çaganyň öldürilendigini aýdýarlar.
Siriýanyň düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy söweş uçarlarynyň 23-nji ýanwarda «Yslam döwleti» topary tarapyndan kontrolda saklanylýan Haşam obasyna zarba urandyklaryny aýdýar.
Bu habary garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklatmak mümkin bolmady.
YD jeňçileri nebite baý Deir al-Zour welaýatynyň köp ýerini kontrolda saklaýar, Haşam hem şol ýerde ýerleşýär.