Sepleriň elýeterliligi

Polşada 'gözegçilige' protest bildirildi


23-nji ýanwarda onlarça müň adam polýak şäherleriniň köçelerine demonstrasiýa çykdy.

Olar «demokratiýany gorap», täze konserwatiw hökümetiň gözegçilik häkimiýetlerini güýçlendirmek planlaryna garşy çykýarlar.

Protestçiler Polşanyň paýtagty Warşawa bilen bilelikde 36 şäherde demonstrasiýa gurnadylar. Ýörişe çykanlaryň köpüsi özleriniň Polşa Wengriýadan görelde alyp, «liberal däl demokratiýa» tarap ugur alar öýdüp gorkýandyklaryny aýtdylar.

Polýak we ÝB baýdagyny galgadýan demonstrasiýaçylar «Kanun we adalat» partiýasynyň ýurduň gözegçilik kanunlaryna girizmekçi bolýan düzedişlerinden el çekmegini talap edýärler.

Hökümetiň goldawçylary hem garşylykly demonstrasiýa gurnadalr we sosial ulgamlarda protestçileri Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň gurjaklary hökmünde şekillendirýän suratlary ýerleşdirdiler.

XS
SM
MD
LG