Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri: ABŞ-Saud dostlugy berk


Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir (S) ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen el gysyşýar. 23-nji ýanwar, 2016.
Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir (S) ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen el gysyşýar. 23-nji ýanwar, 2016.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Birleşen Ştatlar bilen Saud Arabystanynyň dostlugy hemşekilerinden hem has berk we bu iki ýurt Siriýadaky hem Ýemendäki uruşlary soňlamak ugrunda bilelikde tagalla eder diýdi.

Kerri bu sözleri 24-nji ýanwarda, Riýada saparyny jemlände aýtdy.

Kerri Birleşen Ştatlaryň «Saud Arabystany patyşalygy bilen bolan dostlugy ozalda-ahyrda bolşy ýaly berkdigini» nygtap, Eýranyň ýadro ylalaşygy sebäpli ABŞ bilen Saud Arabystanynyň dostlugy meselesinde hiç bir zadyň üýtgemändigini hem sözüne goşdy.

Saud Arabystany Eýrana uzak wagt bäri regional howp hökmünde garaýar.
Geçen hepde durmuşa geçirilen taryhy ylalaşyk Tährana garşy girizilen sanksiýalary ýatyrdy we milliardlarça dollardaky doňdurylan emlägiň ýoluny açdy.

"Ýadro ýaragyndan dynmak üçin bir ylalaşyk baglaşmak şindi hem alada goýýan beýleki meseleleri hem aradan aýyrmaýar. Şu sebäpden biz sebitdäki dostlarymyz we ýaranlarymyz bilen işleşmegi dowam etdireris» diýip, Kerri aýtdy.

Kerri Siriýadaky uruş-gowgany ýatyrmagyň ýollary we Ýemene parahatçylyk getirmegiň «täze ideýalary» barada maslahat edendigini hem sözüne goşdy.

Mälim bolşy ýaly, Ýemeniň hökümeti, saudlylaryň goldawy astynda, Eýran tarapyndan goldanylýan şaýy gozgalaňçylaryna garşy göreşýär.

Ol Saud Arabystanynyň Birleşen Ştatlar bilen bilelikde, Siriýany durnuklylaşdyrmak we sünniler bilen şaýylaryň arasynda çişirilip, ýetjek ýerine ýetirilen bölünişigi köşeşdirmek ugrundaky tagallalara ygrarly bolup galýandygyny hem sözüne goşdy.

Saud Arabystany prezident Başar al-Assada, Eýranyň ýakyn ýaranyna garşy söweşýän sünni köplügindäki gozgalaňçylary goldaýar.

Kerri 23-nji ýanwarda BMG-niň howandarlygynda indiki hepde Şweýsariýada Siriýadaky konflikti soňlamak boýunça açyljak gepleşikleriň, planlaşdyrylyşy ýaly, başlanjakdygyna ynam bildirdi.

Bu gepleşikler 25-nji ýanwarda, Ženewada açylmaly. Emma onuň başlanjak senesi, Assadyň dolandyryşyna garşy çykýan oppozisiýa delegasiýasyna kimleriň wekilçilik etmelidigi üstünde barýan dawa sebäpli, nämälimligine galýar.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG