Sepleriň elýeterliligi

Moldowanlar hökümeti çekilmäge çagyrýar


Müňlerçe moldowan täze bellenen hökümetiň işden çekilmegini talap edýär.

Müňlerçe moldowan täze bellenen hökümetiň işden çekilmegini talap edýär.

Müňlerçe moldowan paýtagt Kişinýowa toplanyp, täze bellenen hökümetiň işden çekilmegini we irki saýlawlaryň geçirilmegini talap edýär.

Protestler iki sany orsýetçi partiýa we ýewropaçy anti-korrupsiýa hereket tarapyndan gurnaldy. Hökümete tarapdarlaryň planlaşdyran garşylykly demonstrasiýasy bolsa, çaknyşyk bolmazlygy üçin, goýbolsun edildi.

20-nji ýanwarda Pawel Filip premýer-ministr bellenenden soň, moldowanlaryň köpüsiniň pikirine görä, çuň korrupsiýa batan syýasy gatlak ýokary galdy we bu ýagdaý jemgyýetçilik gahar-gazabynyň möwjemegine getirdi.

Dolandyryjy Demokratik partiýanyň agzasy bolan Filip, köpleriň pikirine görä, gapma-garşylykly oligarh Wlad Plahotniugyň täsirindäki adam bolup durýar.

Emma ABŞ, ÝB we Moldowanyň ýakyn ýarany Ruminiýa täze hökümet bilen işleşjekdigini aýdýar we Ýewropa Bileleşigine tarapdar reformalaryň durmuşa geçirilmegine çagyrýar.

XS
SM
MD
LG