Sepleriň elýeterliligi

Siriýa güýçleri Rabiýany aldy


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assada ygrarly güýçleriň pitneçileriň elindäki Rabiýa şäherini yzyna alandygy aýdylýar.

Döwlet TW-si 24-nji ýanwarda Latakiýa welaýatyndaky şäheriň yzyna alnandygyny yglan etdi we bu habar Britaniýadaky gözegçi topar tarapyndan hem tassyk edildi.

Adam hukuklary baradaky obserwatoriýa bu ilerlemäniň rus howa zarbalarynyň we bölekleýin rus ofiserleriniň goldawy astynda amala aşandygyny aýdýar.

Hökümetçi güýçler şu aýyň başynda Latakiýanyň başga bir şäherini, Salmany hem yzyna alypdy.

Bu Orsýet Siriýadaky urşa goşulyp, howa zarbalaryny urup başlaly bäri gazanylan iň ähmiýetli ýeňiş boldy.

XS
SM
MD
LG