Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: 1000 adam YD goşuldy


Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahimzoda

Täjigistanyň içeri işler ministri Ramazon Rahimzoda

Täjik resmileri 1000 täjigistanlynyň Siriýada we Yrakda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijilerine goşulandygyny aýdýarlar. Bu san ozalkylaryndan iki esse ýokary.

Içeri işler ministri Ramazon Rahimzodanyň 25-nji ýanwarda žurnalistlere aýtmagyna görä, 61 täjik raýaty Siriýadan we Yrakdan öz ýurduna gaýdyp barypdyr, 148 adam söweşlerde wepat bolupdyr.

Mundan ozal Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon YD toparynyň düzümine goşulanlaryň arasynda uniwersitetleriň 21 studentiniň bardygyny aýdypdy.

Rahmon ýurduň içinde we daşynda metjitleriň we dini guramalaryň adamlaryň ekstremist toparlaryna goşulmagynda rol oýnaýandygyny aýtdy.

Şeýle-de içeri işler ministri YD toparyna geçen ýylda goşulan täjik polkownigi Gulmurod Halimowyň iki gezek agyr ýaralanandygyny aýtdy.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite güýçleriniň (OMON) öňki ýolbaşçysy Halimow söweşiji topara goşulandygyny YouTube saýtynda ýerleşdirilen wideo arkaly habar beripdi.

XS
SM
MD
LG