Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Syýasy özgerişligiň bäşinji senesi bellenýär


Abdel-Fattah el-Sissi

Abdel-Fattah el-Sissi

Müsür uzak wagtlap ýurdy dolandyran Hosni Mubaragy häkimiýet başyndan agdaran halk gozgalaňynyň bäşinji ýyl dönümini belledi.

Senäniň öňüsyrasynda 25-nji ýanwarda paýtagt Kairde howpsuzlyk güýçleri ýerleşdirildi.

2014-nji ýyldan bäri ýurdy prezident Abdel-Fattah el-Sissi dolandyrýar. Ol 2013-nji ýylda häkimiýet başyndan çetleşdirilen yslamçy prezident Muhammad Morsiniň ýerine gelipdi.

El-Sissi soňky iki günüň dowamynda eden çykyşlarynda islendik durnuksyzlyga jogap beriljegini duýdurdy.

XS
SM
MD
LG