Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Helmand: Owgan güýçleri täzelendi


Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň esgerleri "Talyban" toparyna garşy göreşiň dowamynda, Helmand, dekabr, 2015.
Owganystanyň howpsuzlyk güýçleriniň esgerleri "Talyban" toparyna garşy göreşiň dowamynda, Helmand, dekabr, 2015.

ABŞ-nyň harbylary günorta Helmand welaýatynda “Talybana” garşy göreşýän owgan güýçleriniň baş ýolbaşçysynyň çalyşandygyny we onuň düzüminiň “gaýtadan düzülendigini” aýtdylar.

ABŞ-nyň goşun ýolbaşçysy general Wilson Şoffner 215 Maiwand korpusyndaky özgerişliklere işe bolan ukypsyzlygyň, korrupsiýanyň we netijesizligiň sebäp bolandygyny 25-nji ýanwarda AP agentligi bilen söhbetdeşliginde aýtdy.

Owganystanyň Goranmak ministrligi çalyşyklary tassyklady.

20-nji ýanwarda owgan resmisi Helmand welaýatynyň uly böleginde “Talybana” garşy söweşýän owgan harbylarynyň goşmaça kömege mätäçdigini aýdypdy.

Şeýle-de hökümet güýçleri Helmand welaýatynyň paýtagty Laşkar Gahda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, diýip welaýatyň polisiýa ýolbaşçysy general Abdul Rahman Sarjang aýtdy.

XS
SM
MD
LG