Sepleriň elýeterliligi

Rohani Ýewropa sapar edýär


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Rim

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, Rim

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 25-nji ýanwarda Ýewropa ýurtlaryna sapara başlady. Eýranyň ýadro programmasy boýunça dünýäniň täsirli ýurtlary bilen baglaşan ylalaşygy güýje gireli bäri bu Rohaniniň daşary ýurtlara ilkinji saparydyr.

Rohani Rime we Pariže etjek bäş günlük saparyna eýranly işewürler, ýurduň nebit-gaz ministri we beýleki resmiler bilen bilelikde barýar.

Eýran Yslam respublikasy geçen ýylyň tomsunda gelnen halkara ylalaşygynyň esasynda 16-njy ýanwarda ykdysady sanksiýalarynyň ýatyrylmagynyň yzýany halkara üzňeliginden çykýar. Tähran üçin Ýewropada we Aziýada kompaniýalar bilen ylalaşyk baglaşmaga mümkinçilik döredi.

Rohaniniň 25-nji ýanwarda Italiýanyň we 28-nji ýanwarda Fransiýanyň prezidentleri bilen gepleşik geçirmegi planlaşdyrylýar.

XS
SM
MD
LG