Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ghani YD-ny ýok etmegi wada berdi 


Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani, Dawos, 22-nji ýanwar, 2016
Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani, Dawos, 22-nji ýanwar, 2016

Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani Owganystanda “Yslam döwleti” toparyny ýok etmegi wada berdi. Owganystanda “Yslam döwleti” toparynyň bölümleri owgan güýçleri we “Talyban” toparynyň söweşijileri bilen çaknyşýarlar.

Ghani Dawosdaky ykdysady foruma gatnaşmak üçin Şweýsariýa baranda BBC bilensöhbetdeş bolup, YD toparynyň Owganystana “mahsus däldigini” we onuň wagşylygynyň adamlary “gorkuzýandygyny” aýtdy.

“Owganlar häzir ar almak duýgusynda” diýip, Ghani belledi.

Ghani YD toparyna garşy regional we halkara derejesinde herekete çagyryp, “biz örän uly töwekgelçilik bilen iş salyşýarys” diýdi.

Şeýle-de Ghani eger “Talyban” bilen parahatçylyk ugrundaky gepleşikler ýakyn hepdelerde başlanmasa konfliktiň has ýaýbaňlanmagynyň we tutuş regiona ýaýramagynyň ähtimaldygyny belledi.

XS
SM
MD
LG