Sepleriň elýeterliligi

Adamynyň bitertipliginiň geni tapyldy


Alymlar adamyň beýnisine degişli ylmy barlaglary geçirýärler, Kanada

Alymlar adamyň beýnisine degişli ylmy barlaglary geçirýärler, Kanada

Alymlar MAOA diýlip atlandyrylýan geniň aýratyn bir görnüşiniň DNK sistemasynda bolmagynyň adamynyň ýaşlykda antisosial, ýagny bidüzgün hereketlere baş goşmagynyň töwekgelçiligini artdyrýandygyny anykladylar.

“British Journal of Psychiatry” neşiriniň maglumatyna görä, şeýle geniň bolmagy adamyň uruşmak, kiçi jenaýatçylyklara baş goşmak, özüni agressiw alyp barmak ýaly hereketlere has köp ýykgyn etmegine ýol açýar.

Adamynyň antisosial häsiýetli bolmagynyň töwekgelçiligini artdyrýan geniň aýratyn görnüşi bolan MAOA barlaglara gatnaşan adamlaryň 30%-de tapylypdyr.

Ylmy barlaglaryň awtorlarynyň bellemegine görä, olaryň barlaglarynda gelnen netijeler aýratynlykda ne genetikanyň, ne-de sosial-durmuş şertleriniň adamynyň häsiýetine, onuň özüni alyp barşyna jogapkärdigini görkezýär.

Çagalykda zorluk görmegiň täsiri

Barlaglara gatnaşan 327 erkek adamynyň arasynda köpüsiniň ýaşlykda rehimsiz daralmalara sezewar bolandygy bellenýär.

Barlaglaryň netijesinde mälim edilişine görä, zorluga sezewar bolan çaglar ulalanda ýaşlygy rahat şertlerde geçenlere garanda agressiwlik görkezmäge has meýilli bolýarlar.

XS
SM
MD
LG