Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: “Interneti ýöriteläp pes saklaýarlar”


Internet kafe. Aşgabat. 2015 ý.

Internet kafe. Aşgabat. 2015 ý.

“Türkmenistanda Internetiň işleýşi sizi kanagatlandyrýarmy?” Azatlyk Radiosynyň azathabar.com websahypasynda orta atylan bu sorag okyjylaryň arasynda uly gyzyklanma we seslenme döretdi.

Üç günüň dowamynda bu soraga berlen 100-e golaý jogabyň tas ählisinde diýen ýaly Türkmenistandaky Internetiň ýagdaýynyň kanagatlanarsyzdygy aýdylýar.

Forumda öz pikirini galdyranlar, bir tarapdan, ýurtdaky Internetiň tizliginden şikaýat etseler, beýleki tarapdan, onuň bahasynyň gymmatlygyndan zeýrenýärler.

Didar atly okyjymyz öz teswirinde “Türkmenistanda Internet juda pes işleýär. Aşgabatdan çyksaň, 4G ýogam. Oba ýerlerinde 2G zordan işleýär” diýen bolsa, “Student” lakamly okyjymyz “Dünýäde iň gymmat Internet bizde. Gymmatlygyna laýyk tormozsyz işläýsedi. ‘Google’-ä bir sorag berseň, ertir alýarsyň jogabyny” diýip ýazýar.

“Diňe daň bilen Internete girip bolýar. Galan wagt diňe nerwi. Gowulaşdyryp bolmazmyka?!” diýip, Garýagdy atly okyjymyz öz pikirini sorag bilen jemleýär.

Käbir okyjylarymyz geçen ýylyň aprelinde “Türkmen Älem 52” sputniginiň kosmosa uçurylmagy bilen hem ýurduň Internet ulgamynda hiç hili oňaýly üýtgeşmeleriň göze ilmeýändigini aýratyn belleýärler.

“Türkmen” adyny alan okyjymyz “Internet örän gymmat we hiç hili işlänok. Döwür ösmegiň deregine yza gaýdýar. Sputnik uçdy; gowy işlär diýdiler. Tersine boldy” diýse, “Ýuska” lakamly okyjymyz “Bolanok işleýşi; tormoz. Sputnigiň peýdasy näme?” diýen soragy orta atýar.

Okyjylarymyzyň ýene bir bölegi soňky döwürde käbir, şol sanda LINE sosial ulgamlarynyň hem kadaly işlemeýänliginden närazylyk bildirýärler.

Forumdaky teswirleriň arasynda ýurtdaky Internetiň “ýörite maksat bilen” pes derejede saklanýandygyny öňe sürýänler hem bar.

“Azzi” lakamly okyjymyz “Interneti gowy işledip bolýar. Ýöne Türkmenistanda Internet gowy işlese, adamlaryň etjek zatlary köp...” diýip, teswirini köpnokat bilen jemläpdir.

[Türkmenistanda Interneti] “Azatlyga girmesin[ler] diýip, gymmat edýärler” – bu bolsa “Interpol” lakamly okyjymyzyň pikiri.

Foruma gelen teswirlerde Türkmenistanda Internetiň gowy işleýändigi, “kanagatlanarly däl” diýýänleriň bolsa öz telefonlarynda käbir nogsanlaryň bolmagynyň mümkindigi baradaky garaýyşlar hem bar.

“Telefonyňyzda iş bardyr. Biziňkä bet işleýär” diýip, Rejepberdi foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, öz telefonyndan söz açýar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, bu teswirleriň ählisi okyjylaryň öz şahsy pikir-garaýyşlary we olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG