Sepleriň elýeterliligi

“Ýolöteniň ýollary bejerilýär”


Azatlyk Radiosynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň sosial-durmuş şertleri barada maglumatlar berlenden soň, bu etrabyň ýollarynyň birnäçesinde bejeriş işleriniň geçirilip başlanandygy habar berilýär.

Ýatladyp geçsek, bu etrap 2016-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda geçirilen hökümet maslahatynda ýurtdaky iň gowy etrap diýlip yglan edilip, 1 million amerikan dollary bilen sylaglandy.

Emma käbir ýaşaýjylar bu etrapda sosial-durmuş şertleriň ýaramazdygyny, işsizligiň ýokary derejededigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy etrabyň ýollarynda amala aşyrylýan bejeriş işleri barada habarçysy Röwşen Çaryýew bilen söhbetdeş boldy.

XS
SM
MD
LG