Sepleriň elýeterliligi

Hassan Rohani Ýewropa saparyna başlady


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (çepde) we Italiýanyň prezidenti Sergio Mattarella.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (çepde) we Italiýanyň prezidenti Sergio Mattarella.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 25-nji ýanwarda Ýewropa saparyna başlady. Bu onuň, dünýäniň güýçli döwletleri bilen gelnen ýadro ylalaşygy güýje gireli bäri, ýurt daşyna edýän ilkinji saparydyr.

Rime we Pariže edilýän bäş günlük sapara Rohani bilen birlikde ýurduň işewür adamlary, nebit-gaz ministri, şeýle hem beýleki hökümet resmileri-de gatnaşýarlar.

Eýranyň ýadro programmasyny çäklendirmek boýunça Tähran bilen global güýçleriň arasynda gelnen ylalaşyk netijesinde 16-njy ýanwarda ykdysady sanksiýalar ýatyrylansoň, Yslam respublikasy indi halkara derejesindäki üzňelikden çykyp gelýär.

Bu göçüm Tährana Ýewropada we Aziýada dürli kompaniýalar bilen iş salyşmaga ýol açdy.

114 sany uçar

"Bu bir juda möhüm sapar. Indi sahypany agdaryp, öz ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin gapyny açmagyň wagty ýetdi" diýip, bir eýranly resmi aýtdy.

Fransiýaly bir diplomat hem: "Ynam döredilmelidir. Ol söýgi ýalydyr. Möhümi söýginiň subut edilmegi" diýdi.

Eýranyň prezidenti, plan boýunça, 25-nji ýanwarda Italiýanyň paýtagtynda kärdeşi Sergio Mattarella we premýer-ministr Matteo Renzi bilen gepleşik geçirer.

Rohani saparyň dowamynda söwda toparlary hem-de Rim papasy Fransis bilen duşuşar.

28-nji ýanwarda ol prezident François Hollande bilen gepleşik geçirmek üçin Pariže barar.

Saparyň öň ýanynda eýranly resmiler Tähranyň merkezi Fransiýada ýerleşýän Airbus konsorsiumyndan 114 sany uçar almagy planlaşdyrýandygyny bildirdiler.

17 resminama gol goýuldy

Ýurduň transport ministri Abbas Ahundiniň 24-nji ýanwarda aýtmagyna görä, Tähran Airbus bilen bu barada üstümizdäki hepde gepleşik geçirer.

23-nji ýanwarda Hytaýyň prezidenti Xi Jinpingiň Tährana eden saparynda Rohani Eýran bilen Hytaýyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýaýbaňlandyryp, geljek on ýylyň içinde söwda möçberini 600 milliard dollara ýetirmek boýunça ylalaşandyklaryny bildirdi.

Taraplar 17 dokumente, şol sanda ýadro hyzmatdaşlygy we gadymy söwda ýoly bolan Ýüpek ýoluny dikeletmek bardaky şertnamalara-da gol çekdiler.

Prezident Rohaniniň aýtmagyna görä, eger Eýran, maksat edinişi ýaly, her ýylda sekiz prosent ykdysady ösüşi gazanjak bolsa, onda oňa daşary ýurtlardan ýylda 50 milliard dollar maýa goýulmagy zerur.

XS
SM
MD
LG