Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aziýanyň iň gowy 10 romany


Britaniýanyň "The Telegraph" gazeti bu romanlary Aziýanyň (şu wagta çenli ähli döwürleriň dowamyndaky) iň gowy 10 romany diýip yglan etdi.

Cao Xueqin, "Gyzyl köşgüň arzuwy”, (1791)

Bu kiçi göwrümli romanda iki sany hytaýly aristokrat maşgalanyň durmuşy pajygaly söýgi hekaýatynyň üsti bilen gürrüň berilýär. Bu roman ol döwrüň feodal süýthorlugyny we harsydünýäligini ýokary derejede çeperçilik bilen suratlandyrýandygy üçin şeýle orna mynasyp görüldi.

Rohinton Misty, "Ajap deňagramlylyk" (1995)

Bu roman 1970-nji ýyllarda Hindistanda bolan syýasy durnuksyzlyk, adam gynamalar we tutha-tutluklar mahaly biri-birinden düýpgöter tapawutly dört adamyň başyndan geçirenlerini gürrüň berýär.

Rýunosuke Akutagawa, "Rashomon" (1915)

150-den gowrak hekaýanyň awtory bolan ýazyjy Rýunosuke "Rashomon" atly bu eserini entek 17 ýaşynda uniwersitetde okaýarka çap etdiripdir.

- "Müň bir gije"

Arap edebiýatyndan gözbaş alan bu eserde Şährizadanyň gürrüň berýän hekaýatlarynyň içinden mistiki obrazlar, jenaýat, gorky, fantastika, romantika we ýene-de ençeme çeperçilik tärleri eriş-argaç bolup geçip, okyjylary jadylaýar. Bu eser şol bir wagtyň özünde Tolstoý, Dýuma, Rushdie, Conan Doyle, Proust, Lovecraft, Borges we ýene-de ençeme beýleki ýazyjylara diýseň çuňňur täsir eden bir edebiýat fenomenidir.

Ruth Prawer Jhabvala, “Tozan we yssy” (1975)

Şol bir wagtda "Booker" we "Oscar" baýraklaryna eýe bolan ýeke-täk şahsyýet hökmünde tanalýan zenan Ruth bu romany ýazýan mahaly Hindistana gezelenç edipdir (Awtor Germaniýada önüp-ösen) we ol ýerde öweý enesi hakynda hem-de 1920-nji ýyllarda bu ýurtdaky britan hökümdarlygy barasyndaky hakykaty öwrenmäge synanyşypdyr.

G V Desani, “H. Hatterr hakda hemme zat” (1948)

Keniýada doglup, Hindistanda ulalan awtor bu kitaby ýarym iňlis, ýarym hindi dilinde ýazypdyr. Romanda, iňlis-malaý gatyşygy bolan bir adamynyň akyldarlygyň gözleginde bolan mahaly başyndan geçirenleri gürrüň berlipdir. Günbatar edebiýatynyň abraýly şahsyýetlerinden T. S. Eliot bu modernist romany "diýseň ajap aýratynlygy bolan" bir eser hasaplapdyr.

Haruki Murakami, “Gurjak guşuň hronikasy” (1994)

Toru Okadanyň pişigi Tokionyň çetinde ýitýär. Onuň gözüne iki sany zenanyň salgymy görünýär. Olaryň biri hakykat, beýlekisi bolsa arzuw-hyýal älemidir. Ol şol älemlerde dürli ýagdaýlary başyndan geçirýär. Labirintlere duçar bolýar we salgymlary görýär.

Yukio Mishim, "Baharyň gary" (1969-71)

1970-nji ýylyň noýabrynda öz janyna, däbe görä, kast etmezden owal, Mishima neşirýatyna birnäçe roman beripdir. Bu eser şol romanlaryň biri. Eserde 20-nji asyrda Ýaponiýada günbatarlaşmagyň ýaýbaňlanan mahaly bir aristokrat maşgalanyň başyndan geçirenleri beýan edilýär.

Salman Rushdie, “Garaňkylygyň çagalary” (1980)

Romanda şäher hakykaty bilen garaşsyzlykdan soňky Hindistanyň ýagdaýy suratlandyrylypdyr. Bu roman "Bukerleriň bukeri" baýragyna mynasyp görlüpdi. Romanda wakalary gürrüň berýän Hero Saleem Sinai şol bir wagtda baş gahrymanlaryň hem biridir. Eserde gahrymanyň durmuşy bilen bilelikde Hindistanyň ikinji gezek öz garaşsyzlygyny gazanyşyny suratlandyrýan wakalar utgaşykly ösýär we özgerýär.

Arundhati Roy, “Uşak zatlaryň hudaýy” (1997)

Zenan Roý bu ýeke-täk romany bilen "Booker" baýragyna mynasyp bolýar. Roman ekiz çagalar hakynda. Eserde Uşak-düşek zatlaryň aslynda adamynyň durmuşyna nähili güýçli täsir edýändigi görkezilýär. Kitapda 1960-njy ýyllardan 1990-njy ýyllara çenli bolup geçen wakalar, kommunizm, ýapyk jemgyýet sistemasy ussatlyk bilen suratlandyrylýar.

Bu on esere goşmaça "nobatdaky bäsdeşler" diýen at bilen ýene bäş sany kitabyň ady getirilýär:

"Öý we dünýä", Rabindranath Tagore (1916)

"Bir däliniň gündeligi”, Lu Xun (1918)

"Ýapyk emläk”, Timothy Mo (1986)

Dünýäni saklaýan”, Bharati Mukherjee (1993)

"Mynasyp oglan”, Vikram Seth (1993)

XS
SM
MD
LG