Sepleriň elýeterliligi

Homs: Partlamada azyndan onlarça adam heläk boldy


Partlamadan soň, Homs, 26-njy ýanwar, 2016

Partlamadan soň, Homs, 26-njy ýanwar, 2016

Siriýada hökümetiň gözegçiligindäki Homs şäherde bolan goşa partlamada 22 adam wepat boldy we 100-den gowrak adam ýaralandy, diýip Siriýanyň döwlet telewideniýesi habar berdi.

Homsyň häkiminiň aýtmagyna görä, 26-njy ýanwarda bolan hüjümde içi bombaly ulag barlag-geçiş nokadyna zarba urupdyr. Media maglumatlarynda janyndan geçen hüjümçiniň egnindäki keltekçesini partladandygy aýdylýar.

Liwanda ýerleşýän “Al-Mayadeen” telewideniýesi partlamanyň bolan ýerinde weýran bolan jaýlary görkezdi.

Homs Siriýanyň iň uly şäherleriniň biri bolup, 2012-nji ýylda hökümete garşy çykypdy. Şondan bäri hökümet güýçleri söweşijileriň köpüsini şäherden gysyp çykardylar.

XS
SM
MD
LG