Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet Günbatara ýol bermejegini aýtdy


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa, 26-njy ýanwar, 2016
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Moskwa, 26-njy ýanwar, 2016

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň öz garaşsyz daşary syýasatyny alyp barýandygy üçin Günbataryň jezalandyrmagyna ýol bermejegini aýtdy.

“Birtaraplaýyn bähbit görmek we bizi garaşsyz syýasatymyz üçin jezalandyrmak boýunça synanyşyklar heniz edilýär” diýip Lawrow 26-njy ýanwarda Moskwada geçirilen ýyllyk metbugat-konferensiýada aýtdy.

Lawrow ABŞ-nyň raketalara garşy sistemasy we NATO-nyň Orsýetiň serhetlerine golaýlaşmagy “durnuksyzlandyryjy we gysga möhletli” diýip belledi.

Lawrow Ukraina babatynda sözläp, Kiýewiň orsýet gazyny Ýewropa akdyrmak üçin ygtybarly partnýor däldigini aýtdy.

Şeýle-de Lawrow Orsýetiň 2014-nji ýylyň mart aýynda Ukrainada anneksiýa eden Krym ýarymadasyny gaýdyp bermek barada islendik gepleşikleri ret etdi.

XS
SM
MD
LG