Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Eýranyň ýaşlara jezasyny ýazgardy


“Amnesty International” guramasy 26-njy ýanwarda çap eden täze hasabatynda Eýrany onlarça ýaş adamy jezalandyrmagy üçin ýazgardy.

Hasabatda zorlamak, adam öldürmek we neşekeşlik üçin aýyplanan we 18 ýaşyna ýetmänkä iş kesilen onlarça adama ýurduň ýakynky adalat reformalaryna garamazdan, jezalandyrmak howpunyň abanýandygy bellendi.

Londonda ýerleşýän toparyň aýtmagyna görä, Eýran 2005-nji we 2015-nji ýyllaryň aralygynda ýetginjek ýaşyna ýetmänkä iş kesilen azyndan 73 adamy jezalandyrypdyr.

Eýran häkimiýetleri öz adalat sistemasyny reformirländigini we 18 ýaşyna ýetmediklere ölüm jezasyny bermeýändigini aýtdy.

Emma “Amnesty International” guramasynyň wekili Elise Auerbach Eýranyň adalat sistemasyndaky reformalaryň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ölüm jezasyna höküm edilmegini gadagan edýändigini aýtdy we Eýran häkimiýetlerini ölüm jezasyna höküm edilenleriň 18 ýaşyna ýetmegine garşyp, soň berjaý etmekden el çekmäge çagyrdy.

110 sahypalyk hasabatyň çap bolmagy Tähranyň geçen ýylda baglaşan halkara ylalaşyk boýunça Günbatar bilen hyzmatdaşlygy dikeltmek ugurnda işleýän wagtyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG