Sepleriň elýeterliligi

Owgan polisiýa wekili kärdeşlerini öldürdi


Owganystanyň Uruzgan welaýatynyň Trinkot şäherinde bolan hüjümiň netijeleri, 2014.

Owganystanyň Uruzgan welaýatynyň Trinkot şäherinde bolan hüjümiň netijeleri, 2014.

Owganystanyň Uruzgan merkezi welaýatynda polisiýanyň gaçgak wekili neşäniň täsiri astynda 10 kärdeşini atyp öldürdi. Şeýle hadysa welaýatda iki hepdeden az wagtyň dowamynda ikinji gezek ýüze çykdy.

Polisiýa wekiliniň gözlegi dowam edýär, häkimiýetler onuň “Talyban” topary bilen gatnaşygynyň bolmagyny güman edýärler.

“Talybanyň” metbugat-wekili bu hadysanyň bolandygyny 26-njy ýanwarda tassyklady, emma söweşijileriň Çinarto etrabynda hem polisiýa bölümini ele salandygyny aýtdy.

Synçylar gije bolan bu hüjümiň “Talybanyň” gyş paslynda öň görülip eşidilmek giň derejede alyp barýan hüjümleriniň bir bölegi bolup, parahatçylyk ugurndaky gepleşiklere itergi berilýän wagtyna gabat gelendigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG