Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Internete gözegçilik güýçlenýär


Duşenbede internetiň derejesiniň infografigi, dekabr, 2015.

Duşenbede internetiň derejesiniň infografigi, dekabr, 2015.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Bütewi aragatnaşyk sistemasyny döretmek barada kanuna gol çekdi. Tankytçylar bu kanunyň hökümetiň Internete we mobil aragatnaşygyna gözegçiligi güýçlendirjekdigini aýdýarlar.

25-nji ýanwarda tassyklanan täze kanuna görä, ähli operatorlar we internet prowaýderler öz müşderilerini ähli hyzmatlar bilen täze aragatnaşyk sistemasynyň üsti bilen üpjün etmäge borçly.

Täjigistanyň Internet prowaýderleriniň bileleşiginiň ýolbaşçysy Parwina Ibodowa täze sistemanyň hökümete belli bir websaýtlary petiklemäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Sosial media sahypalarynyň we websaýtlaryň birnäçesiniň, şol sanda Facebook, Twitter sahypalarynyň we AÝ/AR-nyň Täjik gullugynyň websaýtynyň elýeterliligi soňky ýyllaryň dowamynda ençeme gezek çäklendirilipdi.

XS
SM
MD
LG