Sepleriň elýeterliligi

Kreml ABŞ-nyň maliýe resmisiniň çykyşyny ýazgardy


Kremli[ metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kremli[ metbugat-wekili Dmitriý Peskow

Kreml ABŞ-nyň Maliýe resmisiniň BBC agentligine Putiniň korrupsiýa baş goşandygy barada beren kommentariýlerini “resmi aýyplama” diýip atlandyrdy.

“Bu resmi aýyplama” diýip Putiniň metbugat-wekili Dmitriý Peskow žurnalistlere aýtdy.

Terrorçylyk we maliýe jenaýatçylyklar boýunça maliýe sekretary Adam Szubin BBC-niň Panorama programmasyna beren interwýusynda Orsýetiň prezidentiniň geň galdyryjy mukdarda gizlin baýlygynyň bardygyny aýtdy.

BBC bilen söhbetdeşlikde Szubin Merkezi aňtaw gullugynyň 2007-nji ýylyň hasabatynda Putiniň baýlygynyň 40 milliard dollar mukdarda kesgitlenýändigi baradaky sany kommentirlemekden boýun gaçyrdy, emma onuň baýlygyna kem garalýandygyny aýtdy.

Kreml şeýle çaklamalary ret edýär. Putin öz baýlygy barada metbugatdan okandygyny we munuň hakykata gabat gelmeýändigini aýdypdy.

ABŞ Orsýetiň Ukrainadaky ýagdaýlara goşulyşmagyna garşy çäreleriniň çäginde Putine loýal orsýet biznesmenleriniň ençemesine garşy sanksiýalary girizipdi.

XS
SM
MD
LG