Sepleriň elýeterliligi

logo-print

BBC: Putine korrumpirlenen adam hökmünde garalýar


Ors prezidenti Wladimir Putin.

Ors prezidenti Wladimir Putin.

BBC-niň bildirmegine görä, Birleşen Ştatlar köp wagt bäri ors prezidenti Wladimir Putine gizlin baýlyga eýe, korrumpirlenen, öz dostlaryny we ýaranlaryny baýatmaga çalyşýan adam hökmünde garaýarlar.

Amerikanyň Maliýe ministrliginiň terrorizm we maliýe jenaýatçylygy boýunça ýerine ýetiriji sekretary Adam Szubin BBC-niň "Panorama" programmasyna beren interwýusynda ors prezidentiniň köp mukdarda baýlygynyň bardygyny, munuň jemgyýetçilikden ýaşyrylýandygyny aýtdy.

"Biz onuň döwletiň baýlygyny ulanyp, öz dostlaryny, özüne ýakyn ýaranlaryny baýadýandygyny, özüne dost saýmaýan adamlaryny hem çetleşdirýändigini görüp gelýäris. Orsýetiň energiýa baýlygy bolsun ýa başga döwlet kontraktlary, ol bu zatlary özüne hyzmat etjek adamlara berip,, özüne hyzmat etmeýänleri oňa goşanok. Meniň pikirimçe, bu korrupsiýanyň alamaty" diýip, Szubin BBC bilen bolan söhbetdeşlikde aýtdy.

Amerikanyň ýokary derejeli maliýe resmisi Merkezi aňtaw gullugynyň 2007-nji ýylyň hasabatynda Putiniň baýlygyny 40 milliard dollara deň diýen çaklamasyny kommentirlemekden saklandy.

Ýöne ol ors ýolbaşçysy öz baýlygyny birsyhly azaldyp görkezýär, Birleşen Ştatlar mundan habarly diýdi.

Szubin BBC-ä: "Putin döwletden ýylda 110 müň dollar aýlyk alýar. Bu onuň baýlygynyň takyk kesgitlemesi däl. Onuň öz hakyky baýlygyny ýaşyrmakda ençeme ýyllyk iş tejribesi bar" diýdi.

Kreml bu aýdylýanlary inkär edýär. Putin özüniň baýlygy hakda ýaýraýan habarlara boş gürrüňler diýip garaýandygyny öwran-öwran aýtdy.

Putiniň jemgyýetçilige görkezilýän maliýe ýagdaýy ol diýen güýçli däl. Ol aprel aýynda özüniň 2014-nji ýylda alan girdejisiniň 7.65 million rubl, ýagny 119 müň dollar bolandygyny aýtdy.

Ýöne 2014-nji ýylyň mart aýynda Birleşen Ştatlaryň Maliýe ministrligi Putini özüniň köne tanşy Gennadiý Timçenkonyň gazanýan bähbitleri bilen baglanyşykly görüp, Orsýetiň Krym ýarymadasyny basyp alandygy üçin Timçenkonyň garşysyna sanksiýa girizdi.

Timçenko şol wagt Ženewada ýerleşýan "Gunower" goýum kompaniýasynyň eýeleriniň biridi. Dünýäde bolýan nebit söwdasynyň üçden birine golaýy şu kompaniýanyň üstunden geçýär.

"Timçenkonyň energiýa sektoryndaky işjeňligi gönüden-göni Putin bilen baglanyşykly. ”Gunowerde” Putiniň maýasy bar. Onuň ”Gunower” kompaniýasynyň maýasyna elýeterliginiň hem bolmagy mümkin" diýip, Amerikanyň Maliýe ministrlig sankisýalary yglan edende aýtdy.

Sanksiýalara uçramadyk "Gunower" kompaniýasy: "Prezident Putiniň ”Gunowerde” paýy, bähbidi ýa başga hili gazanjy ýok, hiç haçan hem bolmandy" diýip, ministrligiň aýdýanlaryny inkär etdi.

BBC Putiniň baýlygy barada Orsýetiň döwlet "Sowkomflot" kompaniýasyna ýolbaşçylyk eden Dimitriý Skarga bilen hem söhebetdeşlik geçirdi.

Skarga 35 million dollarlyk ýahta gämisini Roman Abramowiçden Putine geçirendigini aýtdy. Abramowiçiň adwokatlary bolsa bu aýdylýanlary çaklama diýip, inkär etdiler.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG