Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Rohani Italiýadan soň Fransiýa barýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, biznes forumda, Rim, 26-njy ýanwar, 2016

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, biznes forumda, Rim, 26-njy ýanwar, 2016

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani Italiýa saparyny jemläp, Fransiýa barýar.
Rohaniniň bu sapary 20 ýylyň dowamynda Eýranyň prezidentiniň Ýewropa ilkinji saparydyr.

Eýran dünýäniň iň täsirli ýurtlary bilen baglaşan ylalaşygynyň esasynda 16-nji ýanwarda halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyndan soň daşary ýurt maýa goýumlaryny gözleýär.

Rohani 27-nji ýanwarda Parižde Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland bilen gepleşik geçirer. Saparyň netijesinde möhüm biznes kontaktlaryň baglaşylmagyna garaşylýar.

Rohaniniň Italiýa saparynyň netijesinde köp milliardlyk şertnama gol çekildi.

XS
SM
MD
LG