Sepleriň elýeterliligi

BMG Owganystana kömek gözleýär


Owganystanlylar Dünýä azyk programmasynyň esasynda berilýän kömek üçin nobata durýarlar, Kabul, 2015

Owganystanlylar Dünýä azyk programmasynyň esasynda berilýän kömek üçin nobata durýarlar, Kabul, 2015

BMG Owganystanda mätäçlik çekýän millionlarça adama niýetlenen ynsanperwer kömegi üçin 393 million dollar möçberde pul ýygnamak barada çagyryş etdi.

BMG-niň Owganystanda ynsanperwer koordinatory Mark Bowden we ýurduň baş ýerine ýetiriji ýolbaşçysy Abdullah Abdullah çagyryş bilen 27-nji ýanwarda milli telewideniýede çykyş etdiler.

Abdulla Owganystana ynsanperwer kömegini bermek boýunça 2016-njy ýylyň planynyň azyga we beýleki zerur zatlara mätäç millionlarça adama niýetlenýändigini aýtdy.

Abdullah ýurduň mätäç ilatyna kömek bermek üçin donor ýurtlaryň hem ozalky ýyllarda beren wadalaryny berjaý etjekdigine umyt baglady.

Owganystan dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň biri bolup, ýer titreme, suw joşguny ýaly tebigy betbagtçylyklara hem duçar bolýar. Şeýle ýagdaýlar adamlary öz öýlerinden göçüp gitmäge mejbur edýär we açlyga sezewar edýär.

XS
SM
MD
LG