Sepleriň elýeterliligi

Rohani ABŞ bilen gatnaşyk has gowy bolmalydy diýdi


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, metbugat-konferensiýasynda, Rim, 27-nji ýanwar, 2016

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, metbugat-konferensiýasynda, Rim, 27-nji ýanwar, 2016

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani öz ýurdunyň ABŞ bilen gatnaşyklarynyň has gowy bolmalydygyny, emma Waşingtonyň Tähran bilen gatnaşygyny “duşmançylyga” öwürendigini aýtdy.

“Eýranyň we ABŞ-nyň dostlukly gatnaşykda bolmagy mümkindi. Emma munuň açary Tähranyň edilnde däl-de Waşingtonyň elindedi” diýip Rohani 27-nji ýanwarda Rimde metbugat-konferensiýasynda eden çykyşynda aýtdy.

Rohani Italiýa edýän saparyndan soň 27-nji ýanwarda Fransiýa barar.
Eýranyň dünýäniň iň täsirli ýurtlary bilen geçen ýylda baglaşan ylalaşygynyň esasynda 16-nji ýanwarda halkara sanksiýalarynyň ýatyrylmagyndan soň daşary ýurt maýa goýumlaryny gözleýär.

Rohaniniň bu sapary Eýranyň prezidentiniň 20 ýylyň dowamynda Ýewropa edýän ilkinji saparydyr.

XS
SM
MD
LG