Litwanyň paýtagty Wilnýusda 1991-nji ýylda ýurduň garaşsyz bolmagy ugrundaky hereketiniň sowet häkimiýetleri tarapyndan basylyp ýatyrylmagyna degişli sud diňlenişigi başlandy.
Aýyplanýanlar Gennadiý Iwanow we Ýuri Mel 27-nji ýanwarda Wilnýusyň sud jaýyna eltildi. Emma aklawçylaryň biri kesellänsoň sud gyssagly yza tesdirildi.
2015-nji ýylyň awgust aýynda Litwa Orsýetiň, Belarusyň we Ukrainanyň 66 raýatyny 1991-nji ýylda 13 adamyň ölümi bilen baglylykda uruş jenaýatynda we adamzada garşy jenaýatda aýyplap sud etdi.
1991-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda sowet goşunynyň Wilnýusyň telewizion diňine hüjüm etmeginiň netijesinde 13 adam wepat bolupdy, 1000-den gowrak adam ýaralanypdy.
Bu ýagdaý sowet goşunynyň Baltiýa döwletleri Litwada, Latwiýada we Estoniýada özbaşdaklyk ugrundaky hereketleri basyp ýatyrmak üçin amala aşyran iň ganly çäresi bolupdy.