Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik häkimiýetleri we Internet


Duşenbe şäheri.
Duşenbe şäheri.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon ýurtda täze aragatnaşyk merkeziniň döredilýändigi barasyndaky kanun taslamasyna gol çekdi. Tankytçylar munuň, Internete we öýjükli aragatnaşyga hökümetiň berk gözegçilik etmegini aňladýandygyny aýdýarlar.

Rahmonyň 25-nji ýanwarda kabul eden kanunyna laýyklykda, ähli mobil operatorlary we Internet hyzmatyny hödürleýän kompaniýalar müşderilere ýeke-täk aragatnaşyk merkeziniň üsti bilen hyzmat etmeli bolarlar. Bu merkez döwlete degişli edara bolan ”Telekom” kompaniýasy tarapyndan dörediler.

Häkimiýetler guruljak merkeziň “milli we informasion howpsuzlygy” kämilleşdirmek üçin zerurdygyny belleýärler.

Tankytçylar

Käbir senagat wekilleri we hökümet tankytçylary aýdylýan kanuna garşy çykyş edýärler.

Olar bu kanun taslamasynyň tankytlary ýok etmek ýa-da köçe protestlerini geçirmek üçin Internetde edilýän çagyryşlary dymdyrmak maksady bilen yzygiderli iş alyp barýan döwlete has köp ygtyýar berýändigini aýdýarlar.

Täjik Internet üpjünçiligi assosiasiýasynyň başlygy Parwina Ibodowa täze aragatnaşyk merkeziniň hökümetiň websaýtlary petiklemegini aňsatlaşdyrjakdygyny aýdýar. Şeýle-de ol ýeke-täk merkeziň döredilmegi internet trafiginiň howpsuzlygyny güýçlendirmän, eýse gowşadyp biljekdigini öňe sürýär.

Ibodowanyň sözlerine görä, “Eger-de bir internet ulgamyna hakerleriň çozuşy bolaýan ýagdaýynda, onda mundan tutuş ýurt zyýan çeker”.

Hyzmatlaryň monopollaşdyrylmagy

Täjigistanyň industriýa wekilleri hem, ýurduň aragatnaşyk hyzmatlarynyň monopollaşdyrylmagy onuň hiliniň peselmegine getirip biler diýip, öz howatyrlanmalaryny beýan etdiler.

Rahmon bu kanun taslamasyna, Täjigistanyň kanunçykaryjylary ýurtda “terrorizme garşy operasiýalar” döwründe häkimiýetlere Interneti we telefon ulgamyny petiklemäge rugsat berýän kanun kabul edenden iki aý soň gol goýdy.

2013-nji ýyldan bäri Täjigistanda Facebook, Twitter sosial ulgamlary we Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň websaýtlary birnäçe gezek petiklendi.

Internet ulanyjylaryň ençemesi websaýtlarynyň petiklenmeginiň arkasynda hökümetiň bardygyna ynanýarlar. Ýöne hökümet muny inkär edip, tehniki meseleleri bahana edip görkezýär.

Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň resmileri Internet elýeterliliginiň çäklendirilmegi, Internediň bloklanmagy we şahsy saýtlaryň petiklenmegi bilen bagly aladalanmalaryny artdyrdylar.

XS
SM
MD
LG