Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa Aşgabada has ýakynlyk isleýär


Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (Ç) rus daäary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşýar.
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow (Ç) rus daäary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşýar.

Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistana sapary mahalynda Orsýetiň Merkezi Aziýanyň bu ýurdy bilen has ýakyn gatnaşyk gurmak isleýändigini aýtdy.

Rus metbugatynda aýdylmagyna görä, Lawrow türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Orsýet Türkmenistan bilen terrorçylyga, neşe gaçakçylygyna, guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýar diýipdir.

Aşgabatda 28-nji ýanwarda geçirilen gepleşikler mahalynda Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda tranzit koridoryny gurmagyň «uly mümkinçiligi» bar diýdi diýip, TASS habar gullugy ýazýar.

Şeýle-de türkmen lideri rus prezidenti Wladimir Putini Türkmenistana sapara çagyrypdyr.

XS
SM
MD
LG