Sepleriň elýeterliligi

Putin ukrain žurnalistine rus raýatlygyny berdi


Ukrain žurnalisti Anatoliý Wasserman

Ukrain žurnalisti Anatoliý Wasserman

Prezident Wladimir Putin ukrainaly gapma-garşylykly, orsýetçi žurnalist Anatoliý Wassermana rus raýatlygyny berdi.

Putiniň 28-nji ýanwarda gol çeken karary Kremliň kanun dokumentleri sahypasynda çap edildi.

63 ýaşyndaky Wasserman Ukrainanyň döwletliligini sorag astyna alýan jemgyýetçilik beýanatlary bilen tanalýar. Ol Ukraina Orsýetiň bir bölegi, ukrain we belarus dilleri bolsa rus diliniň dialektleri diýýär.

Kiýew häkimiýetleri sentýabrda Wassermanyň garşysyna jenaýat işini açdylar. Olar ony separatizme çagyrmakda, etniki we sosial duşmançylyga meçew bermekde aýyplaýarlar.

1952-nji ýylda Odessada doglan Wasserman 1990-njy ýyllaryň ortasyndan bäri Moskwada ýaşaýar.

XS
SM
MD
LG