Sepleriň elýeterliligi

Premýeriň aýalyna jerime salyndy


 Arseniý Ýatsenýuk

Arseniý Ýatsenýuk

Kiýewiň ýol polisiýasy Tereza Ýatsenýuga, Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň aýalyna, maşyn sürýän wagty telefonda gürleşeni üçin jerime saldy.

Metbugat habarlarynda premýer-ministriň aýalyna 27-nji ýanwarda, Kiýewiň merkezinde jerime salnandygy aýdylýar.

Ol, aýdylmagyna görä, 425 hriwna, ýagny 17 dollar jerime töläpdir.

Ýatsenýuga jerime salan polisiýa ofiseri bu iş barada žurnalistler bilen gürleşmekden boýun gaçyrdy.

2006-2012-nji ýyllarda Gürjüstanyň içeri işler ministriniň orunbasary bolup, polisiýadaky reformalara gözegçilik eden Eka Žguladze häzir Ukrainanyň içeri işler ministriniň orunbasary bolup işleýär. Ol Ukrainada hem polisiýa reformasyna ýolbaşçylyk edýär.

XS
SM
MD
LG