Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orslaryň ynanýan esasy 9 yrymy


Boş çüýşe.
Boş çüýşe.

Orsýetiň daşary ýurtlular üçin materiallar çap edýän "Russia Beyond Headlines" atly internet sahypasy, orslaryň ürç edip ynanýan esasy yrymlarynyň sanawyny çykardy.

1. Stolda boş çüýşe goýmak bolmaýar

Çüýşedäki suwuk madda içilip gutarandan soň, ol derrew stoluň üstünden aýrylmaly. Stoluň üstünde boş çüýşe durmaly däl.

Bu yrymyň Napoleonyň döwründen galandygy aýdylýar. Rowaýata görä, 1814-nji ýylda Pariž söweşine gatnaşan ors kazaklary fransuzlaryň ýerli restoranlarda adamlardan stoluň üstündäki boş çüýşeleriň sanyna görä pul alýandyklaryny görüpdirler. Onsoň kazaklar boşan çüýşeleri usullyk bilen stoluň aşagynda gizlemäge başlapdyrlar.

2. Jübüt gül sowgat bermek

Biriniň öýüne myhmançylyga ýa-da duşuşyga gidilen mahaly sowgat äkidilýän gülleriň sanynyň täk bolmagyna üns berilmeli. Eger güller täk bolmasa, onda sowgat edilen begenmegiň deregine gaty gynanyp biler. Sebäbi, yryma görä, diňe gabrystana jübüt gül äkidilýär.

3. Eginbaşy çöwre geýmek

Bu yryma görä, eger bilmän eginbaşyňy çöwre geýen bolsaň, diýmek, bu taýak iýjegiňi aňladýar. Taýak belasyndan sypmak üçin hem derrew ýanyňdaky birinden özüňi ýuwaşja urmagyny haýyş etmeli. Bu bolsa seni taýak iýmekden gutarar.

4. Ugran ýoluňdan yzyňa gaýtmak

Ýola çykyp, bir ýere ugran mahalyň öýde bir zady unudyp gaýdanyň ýadyňa düşse, özüň yzyňa öwrüläýme, gaýtam deregiňe kimdir biriniň öýüňe gidip, ony getirmegini haýyş et. Ýöne, yzyňa dolanmaga mejbur bolaýsaň, onda öýden gaýtadan çykmankaň, hökman aýnada özüňe seretmäni unutma.

5. Bosagada elleşip salamlaşmaly däl

Myhman gelen mahaly, onuň bilen öýüň içine girenden soň gujaklaşyp ýa-da elleşip salamlaşmaly. Bosagada elleşip, gujaklaşyp ýa-da ogşaşyp salamlaşmaly däl. Sebäbi şeýle edilen halatynda öýüň ruhunyň göwnüne degip bilersiň. Ondan soň myhman giden badyna öýüň eýesi özüni oňaýsyz duýmaga başlar.

6. Kesgir ýiti zatlar we burun süpürilýän elýaglyk sowgat berilmäli däl

Ors dostuňa çeňňel, pyçak, gaýçy ýaly kesgir ýiti uçly zatlary sowgat berme. Olaryň ynanýan yrymyna görä, kesgir ýiti uçly zatlary sowgat beren adam bilen araňyz açylýandyr. Emma, gowy pyçak sowgat bermek isleýän bolsaňyz, onda onuň deregine simwoliki ýagdaýda bir-iki teňňe pul alyp bilersiňiz. Ol pul sowgadyň metafiziki manysyny üýtgeder we sowgady söwda işine öwrer. Elýaglyk ýa-da çalgyç hem sowgat berilmeli däldir. Sebäbi olaryň gözýaşa sebäp bolýandygyna ynanylýar. Pul goýulýan guty sowgat eden mahalyň hem içine hökman ownuk pul atyp bermeli. Pul goýulýan gap hiç wagt boş berilmeli däl.

7. Iki sany atdaş adama duş gelen mahalyň olaryň arasynda durup dileg et

Daşary ýurtlulara şeýle maslahat berilýär, ýagny Orsýetde toý-dabaralara baran mahalyňyz atdaş adamlaryň arasynda oturjak boluň. Russiýada bu bir hökmanylyk däl. Diňe bir maslahat berilýän yrymdyr. Maslahatda ýurtdaky ýörgünli birnäçe adam atlary hem agzalýar. Iki sany Saşanyň, iki Lenanyň ýa-da iki Maşanyň arasynda otur we ýüregiňdäki arzuwyňy dileg et. Ýöne eden dilegiňi hiç kime aýtma, ýogsam berjaý bolmaz.

8. Duzdan ägä bol

Saçakda birek-birege duz uzadan mahalyňyz gaty seresap boluň. Eger şonda birden duz döküläýse, araňyza tow düşer. Birden şol mahal duz döküläýse, ondan bir çümmük alyp, gülüp, çep egniňden arkan zyňmaly. Ana şonda geljek belany dep edersiň. Şeýle-de hödürlenen nahar duzly bolsa, ynjalyksyzlanmagyn. Sebäbi bu ýagdaý öý eýesiniň täzelikde aşyk bolandygyny aýan edýär.

9. Pyçak bilen iýme

Pyçagy ýalamaly däl. Ors yrymyna görä, birden şeýle edäýseň ol seni şeýtana öwrüp biler. Galyberse-de, pyçagy ýalamak, pyçak bilen iýmit iýmek howplydyr, pyçak diliňi ýa-da agzyňy hem kesip biler.

XS
SM
MD
LG