Sepleriň elýeterliligi

Yslamabatda owgan parahatçylygy maslahatlaşylar


Pakistanyň Daşary işler ministrligi Owganystanyň, Pakistanyň, Hytaýyň we ABŞ-nyň wekilleriniň gelýän aý Yslamabatda duşuşyp, Kabul bilen «Talybanyň» arasynda «doňan» gepleşikleri gaýtadan başlamagyň maslahatyny etjekdigini aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Kazi Halilullah 6-njy fewraldaky duşuşygyň uruş tozduran owgan döwletinde parahatçylygy ýola goýmagyň kartasyny işläp-düzmek tagallasynyň bir bölegidigini aýtdy.

Bu soňky hepdelerde bu ugurda geçirilen şeýle maslahatlaryň üçünjisi bolar.

XS
SM
MD
LG