Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýa 60-80 müň adamy deportasiýa eder


"Meniň pikirimçe, yzyna iberilmeli adamlar 60 müň çemesi bolup biler" diýip, Igeman aýdypdyr.

"Meniň pikirimçe, yzyna iberilmeli adamlar 60 müň çemesi bolup biler" diýip, Igeman aýdypdyr.

Şwesiýanyň içeri işler ministri Anders Igeman (Ygeman) öz ýurdunyň gelýän ýyllarda 60-80 müň aralygyndaky oturym soraýjyny deportasiýa etmeginiň ahmaldygyny aýtdy.

Igeman «Dagens Industri» gazetine häzir oturym soraýjylaryň 45 prosent töwereginiň arzasynyň ret edilendigini, ýurduň onlarça müň adamy yzyna ibermäge taýýar bolmalydygyny aýtdy.

Geçen ýyl Şwesiýadan 163 müň adam gaçybatalga sorady.

"Meniň pikirimçe, yzyna iberilmeli adamlar 60 müň çemesi bolup biler, emma munuň 80 müňe çenli köpelmegi hem mümkin" diýip, Igeman aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG